Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran: Harby türgenleşik geçirildi


Eýranyň “Basij” atly harbylaşdyrylan güýçleri paýtagt Tähranda iki günlük harby türgenleşik çärelerini geçirdi.

“Basijiň” takmynan 50 müň çemesi agzasy 3-nji sentýabrda tamamlanan tälim beriji çärelere gatnaşdy.

“Basijiň” metbugat wekili general Nasser Şabaniniň aýtmagyna görä, bu türgenleşik çäreleri “howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň howpsuzlygyny goramaga ukyplydygyny delillendirmek” maksady bilen geçirildi.

“Basij” harbylaşdyrylan güýçler Eýran yslam respublikasyny esaslandyryjy Aýatollah Ruhollah Homeýni tarapyndan döredilipdi. “Basijiň” ýüzlerçe müň agzasy 2009-njy ýylda Eýranda bolan oppozision protestleri basyp ýatyrmakda esasy rol oýnapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG