Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa 15 müň siriýalyny kabul eder


Londonyň “Sunday Times» gazetiniň ýazmagyna görä, britan hökümeti 15 müň siriýaly bosguny kabul etmäge taýýar we Siriýadaky «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy howa zarbalaryny urmak üçin oppozisiýadaky Zähmet partiýasyndan goldaw almaga çalyşýar.

Ozal bu gazet bosgunlary Siriýanyň serhedindäki BMG lagerinden göni kabul etmek mümkinçiliginiň bardygyny ýazypdy. Bu habarlar 5-nji sentýabrda, Wengriýa bosgunlary onlarça awtobus bilen üpjün edeninden we müňlerçe bosgun Awstriýa we Germaniýa geleninden soň çykdy.

Awstriýanyň polisiýasy özleriniň Wengriýadan 10 müňe çenli bosgunyň gelmegine garaşýandyklaryny aýtdy. Germaniýanyň polisiýasy özleriniň 5 müňden 7 müňe çenli adamyň gelmegine taýýarlyk görýändiklerini aýtdy.

5-nji sentýabrda Mýunhene gelen bosgunlar Siriýadaky raýat urşundan gaçanlara has kän goldaw berilmegini talap edýän mähelläniň şatlyk-şowhuny bilen garşy alyndy.

Britaniýa geçen ýyl ýörite hökümet shemasy esasynda 216 siriýalyny kabul etdi. Angliýa, 2011-nji ýyldaky konflikt başlaly bäri, 5 müň çemesi siriýala gaçybatalga berdi, bu Fransiýa, Germaniýa, Şwesiýa ýaly ýurtlara garanda has az görkezijidir.

XS
SM
MD
LG