Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy 'bosgun almaga' çagyrýar


Rim papasy Fransis Ýewropanyň her bir klisesiniň we dini jemgyýetiniň, raýdaşlyk üçin, bir bosgun maşgalasyny kabul etmegine çagyrdy.

Ol 6-njy sentýabrda, Watikanda adat bolan ýekşenbe çykyşyndan soň, «Men Ýewropadaky kliselere, dini jemgyýetlere, ybadathanalara... hersiniň bir bosgun maşgalasyny kabul etmegi baradaky çagyryş bilen ýüzlenýärin» diýdi.

Merhemetli Piter skwerine toplanan mähelle popuň bu sözlerini el çarpyşma bilen garşy aldy.

Ol dekabrda başlaýan Rehimdarlyk ýylynyň ýubileýinden öň anyk işleri etmäge çagyrdy.

Pop Watikandaky iki kilisäniň gelýän günlerde bosgun maşgalalaryny kabul etjegini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG