Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öýi otlanan palestin zenany öldi


18 aýlyk Ali Dawabşa (ortada) öz kakasy Saad (ç) we ejesi Riham (s) bilen, 31-nji iýul, 2015
18 aýlyk Ali Dawabşa (ortada) öz kakasy Saad (ç) we ejesi Riham (s) bilen, 31-nji iýul, 2015

Palestinaly zenan Günbatar Kenardaky öýüniň otlanmagy zerarly alan ýaralaryndan öldi, onuň adamsy we çagalarynyň biri hem wepat bolupdy.

27 ýaşly Riham Dawabşa 31-nji iýulda Douma obasynda jaýy otlananda birnäçe ýara alypdy.

Onuň 18 aýlyk ogly hüjümiň netijesinde wepat boldy, adamsy alan ýaralaryndan soň aradan çykdy. Hüjüme jogapkär bolmakda ysraýylly ýaşaýjylar aýyplandy.

Bu ýagdaý halkara derejesinde tankyt edildi, Ysraýylda we Palestinada protestler geçirildi.

Zenanyň ýene bir ogly agyr şikesler bilen keselhana düşüpdi.

XS
SM
MD
LG