“Türkmenhowaýollary” döwlet kompaniýasy Türkmenistandan Mekka we Medina şu ýyl haja barýan zyýaratçylary Saud Arabystanyna öz hasabyna alyp barar, diýip türkmen mediasy habar berýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken permanyna görä, “Türkmenhowaýollary” 8-nji we 28-nji sentýabr aralygynda ýörite uçarlar arkaly 188 sany türkmen zyýaratçysyny Saud Arabystanyna elter we yzyna getirer.
Bu uçuşlaryň “Boing-757” uçarlary arkaly amala aşyryljakdygy habar berilýär.
Türkmenistan ýyllarboýy resmi derejede 188 adam üçin haj syýahatyny guraýar.