Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýä student wizasy problemamy?


Aşgabadyň aeroportynda çagasy bilen oturan een.
Aşgabadyň aeroportynda çagasy bilen oturan een.

Bilnişi ýaly Türkiýe, türkmenistanly migrantlaryň we studentleriň ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýede Türkmenistan döwletiniň hemaýatynda bilim alýan studentlerden daşaryn, öz hasabyna okaýan we wizasyz ýagdaýyny studentlige öwürýän türkmenlerem az däl diýilýär.

Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlarda Türkmenistandan Türkiýä student wizasy bilen gelmek meselesinde käbir problemalaryň ýüze çykýandygy habar berilýär.

Eýse, bu ugurda soňky wagtlarda Türkiýäniň kanunlarynda we olaryň iş ýüzüne geçirilişinde nähili üýtgeşiklikler bar? Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasyndan student wizasyny nädip almaly? Türkiýede wizasyz gaçgak ýagdaýda işläp, soň öz ýagdaýyny studentlige öwürjek bolýan migrantlar Türkmenistana gitmänkä we giden mahaly ol ýerde student wizasyny almak üçin näme etmeli?

Azatlyk Radiosy, bu temada diňleýjilerden gelip gowuşýan köpsanly maglumatdyr-islegleri nazarda tutup, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Türkiýä student wizasy almak meselesine garaýar. Hemmeleri bu temada öz tejribeleri, başdan geçirenleri, bilýän maglumatlary, sowallary we teklipleri bilen gepleşige gatnaşmaga hem goşant goşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň e-meýl salgylarymyz: hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com

Bu temadaky teswirleriňizi bolsa aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG