Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker Ikinji Jahan Urşundan bäri Ýewropanyň ýüzbe-ýüz bolan iň uly migrantlar akymy bilen bagly çäreler boýunça adatdan daşary plany öňe sürdi.
9-njy sentýabrda Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda Junker häzir Gresiýada, Wengriýada we Italiýada ýerleşýän 160 müň bosguny Ýewropa Bileleşiginiň çäginde göçürmek programmasyny öňe sürdi.
Junker programmanyň ÝB-niň her bir ýurdunyň kabul etjek bosgunlarynyň, esasan siriýaly bosgunlarynyň sany boýunça hökmany çäklendirmeleri öz içine almalydygyny belledi.
Junker plany ÝB-niň içeri işler ministrleriniň 14-nji sentýabrda geçirjek duşuşygynda goldamaga çagyrdy.
Germaniýa bosgunlaryň barýan esasy ýurdy bolup, çäklendirmeleri goldaýar.
Junker 2015-nji ýylyň başyndan bäri esasan Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryndan Ýewropa 500 müň çemesi migrantyň barandygyny aýtdy.