Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar ýadro ylalaşygyny goldaýar


Eýranlylaryň aglaba köpüsi öz ýurdunyň we dünýäniň täsirli ýurtlarynyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyny goldaýarlar, emma munuň belli bir derejede olaryň Eýrana garşy sanksiýalaryň derhal ýatyryljagyna ynanjy bilen baglydygy, 9-njy sentýabrda çap edilen pikir soralyşykda aýdylýar.

Maryland Uniwersitetiniň we IranPoll.com neşriniň 1000 eýranlynyň arasynda geçiren pikir soraşygynyň netijesinde ylalaşygy goldaýanlaryň 76%-ti ylalaşygyň ýurdy üzňelikden çykarjagyna we Eýranyň ýadro programmasyna halkara gözegçiliginiň dikeldiljekdigine ynanýar.

Emma ABŞ we beýleki täsirli döwletler Eýranyň ýadro programmasyna degişli sanksiýalary ýatyrmak barada ylalaşdylar we munuň programmanyň ýatyrylmagyndan soň amala aşyryljagyny aýtdylar.

Eýranyň terrorçy toparlary goldamagy güman edilip girizilen, ýa-da Eýranyň regiona syýasy taýdan goşulyşmagy bilen bagly girizilen beýleki sanksiýalar Tähran öz ýadro kärhanalaryna halkara gözegçilerini goýberensoň hem öz güýjünde galarlar.

XS
SM
MD
LG