Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýetiň Siriýadaky hereketini gorady


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk bolmasa “Yslam döwleti” toparyny ýeňip bolmajagyny aýdýar.

Putin 15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda geçirilýän Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky regional howpsuzlyk guramasynyň sammitinde eden çykyşynda Orsýetiň Siriýanyň prezidenti Baar al Assada harby ýardam berýändigini we muny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Putin Moskwanyň Başar al Assada berýän ýardamynyň bosgunlaryň akymyny güýçlendirendigi baradaky çaklamalary ret etdi we Orsýet Assadyň režimini goldamasa Ýewropa barýan bosgunlaryň sanynyň hasam köp bolup bilerdi diýdi.

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň Siriýadaky harbylarynyň sanyny artdyrýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

15-nji sentýabrda Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Moskwanyň we Waşingtonyň arasynda Siriýadaky krizisiň çözgüdi boýunça gepleşikleriň zerurdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG