Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Koreýa ýardo kärhanalaryny gaýtadan işledýär


Demirgazyk Koreýa atom bombasyny öndürmek boýunça ähli kärhanalaryny gaýtadan işledip başlandygyny yglan etdi.

Demirgazyk Koreýa esasy ýadro toplumy bolan Nyongbyonda plutoniýi we ýokary derejede baýlaşdyrylan urany öndürmek boýunça kärhanalaryň “kämilleşdirilip, üýtgedilip, kadaly işläp başlandygyny” öz media serişdeleri arkaly 15-nji sentýabrda mälim etdi.

Bu beýannama Phenýanyň raketalary uçurmak barada atan haýbatynyň yzýany edildi.

Demirgazyk Koreýa 14-nji sentýabrda uzaga ýetýän “satellit” raketalary uçurmaga taýýardygyny mälim etdi. Phenýan raketalary uçurmak arkaly indiki aýda häkimiýet başyndaky kommunist partiýasynyň ýyl dönümini belläp biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG