Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýalylar ses berýär


Gresiýada parlament saýlawlary başlandy. Bu şu ýylda geçirilýän üçünji milli ses berişlikdir.

Pikir soraşlyklar konserwatiw «Täze Demokratiýa» partiýasy bilen öňki premýer-ministr Aleksis Tsiprasyň çepçi «Siriza» partiýasynyň deňeçer barýandygyny görkezýär. Tsipras grekler «söweşýän hökümet» saýlar diýdi.

"Grek halky öz ykbalyny öz eline alar we täze eýýama geçişe möhür basar» diýip, Tsipras Afinanyň Kipseli etrabynda ses bereninden soň aýtdy.

Ses bermek üçin 9.8 milliondan gowrak gresiýaly hasaba alyndy. Täze saýlanan hökümet ýurduň parlamentiniň geçen aý kabul eden üç ýyllyk halas ediş planyny durmuşa geçirmeli.

XS
SM
MD
LG