Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amano Tährana bardy


BMG-niň ýadro gullugynyň başlygy ýokary derejeli gepleşikler üçin Tährana geldi.

Bu gepleşiklerde Tähranyň geçmişde ýadro ýaragyny edinmek üçin eden işleri diýilýäniň derňewini çaltlandyrmak barada gürrüň edilmeli.

Ýukio Amano 20-nji sentýabrda Tähranda Eýranyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy.

Bu duşuşyga Eýranyň daşary işler ministri Mohammmad Jawed Zarif, onuň orunbasary Abbas Aragçi, Eýranyň Halkara Atom energiýasy gullugyndaky ilçisi gatnaşdy.

Amanonyň eýranly alymlar bilen geçirildi diýilýän synaglar barada kän gijikdirilen söhbetdeşlikleri geçirmegine, şol sanda Parçine sapar etmek plany barada maslahat etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG