Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa-Horwatiýa: Sürüjiler ýoly böwetlediler


Batrowsi serhet geçelgesi, 23-nji sentýabr, 2015.
Batrowsi serhet geçelgesi, 23-nji sentýabr, 2015.

Horwatiýanyň Serbiýa bilen serhedinde birnäçe gün bäri duran ýük ulaglarynyň sürüjileri gahar-gazap bildirip, 22-nji sentýabrda esasy ýoly böwetlediler.

Serbiýanyň döwlet telewideniýesi RTS Horwatiýanyň häkimiýetleriniň ýük ulaglaryň geçmegine 21-nji sentýabrda girizen gadagançylygyny belli bir derejede ýatyrmagynyň yzýany Belgrad-Zagreb aralygyndaky esasy gara ýoly böwetlän ulag sürüjileri görkezdi.

Gaharly sürüjiler Bajakowo-Batrowsi serhet geçelgesindäki ýolda ýük ulaglaryny keseleýin goýdular.

“Biz muny etmäge mejbur bolduk”, diýip özüni Emin diýip tanadan serb sürüjisi aýtdy.

“Biz bu ýerde birnäçe gün bäri galýarys, emma hiç kim ýanymyza gelip, siz açmy ýa suwsuzmy diýip soramady we bize hiç zat getirmedi”, diýdi.

22-nji sentýabrda Belgrad Ýewropa Bileleşiginiň raýatlary goramak boýunça mehanizmini işe girizdi. Ýurduň bileleşige agza bolmagyna ýol açýan bu çäre bosgunlaryň akymy bilen bagly meselä çemeleşmekde ÝB-niň ýardamyny göz öňünde tutýar.

Serbiýa bosgunlar üçin ýorgan-düşek, arassaçylyk serişdelerini, ulag, ýangyç we azyk soraýar.

XS
SM
MD
LG