Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" Gunduza hüjüm edýär


Owganystanyň Gunduz welaýaty

“Talybanyň” söweşijileri Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda täze hüjümlere başladylar.

Welaýatyň polisiýasynyň metbugat-wekili Saýed Sarwar Hussaini söweşijileriň Gunduzy 28-nji sentýabrda irden birnäçe ugurlardan hüjüme sezewar edendiklerini, şäheriň merkezinde top we tüpeň oklarynyň sesiniň eşidilendigini habar berdi.

Polisiýa resmisiniň sözlerine görä, çaknyşyklarda “Talybanyň” 20 çemesi söweşijisi öldürilipdir we owgan polisiýasynyň üç wekili ýaralanypdyr.

“Talybanyň” metbugat-wekili Zabihullah Mujahid ýerli ýaşaýjylara öýlerinde galmagy maslahat berdi. Ol söweşijileriň şäheriň günorta etrabynda 200 orunlyk keselhananyň basyp alandyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG