Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gunduzda «Talybany» urýar


Amerikan harbylary öten agşam demirgazyk Owganystanyň Gunduz şäherinde, howpsuzlyk güýçleriniň şäheri yslamçy jeňçilerden yzyna almak üçin söweşýän ýerinde «Talybana» garşy howa zarbalaryny urandyklaryny aýdýarlar.

Howa zarbalary 29-njy sentýabrda «Talybana» garşy garşylykly hüjüme başlan owgan howpsuzlyk güýçleri bilen ylalaşyldy.

Bu şäher şondan bir gün öň hökümet güýçleriniň elinden alnypdy. Amerikan goşunynyň sözçüsi, polkownik Braýan Tribus ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň şindi Owganystandan çykmadyk geňeşçileriniň Gunduz töwereginde owgan howpsuzlyk güýçlerine maslahat-geňeş berýändiklerini aýtdy.

Owgan howpsuzlyk güýçleri 29-njy sentýabrda hökümet binalaryny, şäher türmesini we welaýat polisiýa bölüminiň jaýlaryny “Talyban» söweşijilerinden yzyna aldylar

XS
SM
MD
LG