Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýete aňtaw maglumat bermäge islegsiz


ABŞ-nyň we Orsýetiň goranmak resmileri 1-nji oktýabrda gepleşik geçirip Siriýada konfliktleriň öňüni almak meselesini maslahat etdiler. Emma ýokary derejeli generallaryň biri ABŞ-nyň Orsýet bilen gizlin aňtaw maglumatlary paýlaşmajakdygyny aýtdy.

“Meniň orsýetlilere bolan ynamyň pes derejede”, diýip ABŞ-nyň howa güýçleriniň ýolbaşçysynyň orunbasary general leýtenant Robert Otto aýtdy.

Iki ýurduň harby resmileri tötänleýin çaknyşyklaryň öňüni almak boýunça gatnaşyk saklamak barada ylalaşdylar. Emma ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň aýdyşy ýaly diňe bir “Yslam döwleti” toparyna zarba urmak bilen çäklenmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de Otto Orsýetiň ýokary takyklyk derejeli bolmadyk bombalary ulanýandygyny we olaryň gönükdirilen nyşanlardan sowulyp, parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegine getirip biljekdigini aýtdy.

Siriýaly toparlar Orsýetiň 30-njy sentýabrda amala aşyran hüjümlerinde 36 sany raýatyň öldürilendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG