Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'YD' garşy koalisiýa Orsýete çagyryş edýär


Türkiýe we “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa boýunça partnýorlary Orsýete ýüzlenip, Siriýanyň oppozisiýasyna garşy howadan hüjümleri bes etmäge, munuň ýerine “YD” toparyna ünsi gönükdirmäge çagyrdylar.

Bu çagyryş 2-nji oktýabrda Türkiýe, ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň beýannamasynda edildi.

Ýurtlar Moskwanyň Siriýada amala aşyrýan howa zarbalaryna “çuňňur alada” bildirip, olaryň konflikti “hasam tutaşdyryp” ekstremizmi güýçlendirip biljekdigini bellediler.

1-nji oktýabrda Ak Tam Orsýetiň Siriýadaky hüjümlerini “Siriýanyň oppozisiýasyna garşy tertipsiz harby operasiýa” diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG