Türkmen dzýudoçysy we samboçysy Gülbadam Babamyradowa Daşkentde dzýuda boýunça Gran-pri tapgyrynda geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy diýip, türkmen mediasy 3-nji oktýabrda habar berdi.
Gülbadam Babamyradowa turniriň dowamynda 4 ýeňiş gazandy, şol sanda çärýek finalda ysraýylly J. Koenden, ýarym finalda belarusly D.Skripnikden, finalda germaniýaly M.Ertrden üstün çykdy.
Gran-pri tapgyrynda gazanan altyn medaly Gülbadam Babamyradowanyň Halkara Dzýuda federasiýasy tarapyndan geçirilýän şunuň ýaly ýokary derejeli ýaryşda gazanan ilkinji ýeňşidir.
Mundan ozal ol esasan sambo boýunça geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanypdy.