Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk we Goranmak ministrlikleriniň ýolbaşçylary wezipelerinden boşadyldy.
Döwlet howpsuzlygy maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlygy maslahatynyň sekretary general-leýtenant Ýaýlym Berdiýewi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri wezipesinden, şeýle-de general-maýor Begenç Gündogdyýewi Goranmak ministri wezipesinden boşatdy.
Ýaýlym Berdiýew Goranmak ministri wezipesine bellendi, Begenç Gündogdyýew bolsa Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň harby-deňiz güýçlerine ýolbaşçy edilip, bellendi.
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri wezipesine general-leýtenant Güýçgeldi Hojaberdiýew bellendi.