Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti serhedi alada edýär


Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň täjik-owgan serhediniň boýundaky ýagdaýdan «juda alada galandygyny» aýdýar.

Ol 6-njy oktýabrda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Soçide bolan duşuşykda Owganystandaky ýagdaýyň «gün-günden ýaramazlaşýandygyny» aýtdy.

«Hakykatda Täjigistanyň Owganystan bilen serhediniň 60 prosentden gowrak ýerinde söweş barýar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin bolsa öz gezeginde «biz ikitaraplaýyn gatnaşyklar we regiondaky ýagdaý, özümizi alada goýýan zatlara barada gepleşmeli» diýdi.

Bu gürrüňler «Talyban» geçen hepde az wagtlyk Gunduz şäherini basyp alanyndan soň edildi. Bu şäher täjik serhedinden 70 km uzaklykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG