Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minsk: Gyrgyz ilçihanasy gaýtadan açyldy


Gyrgyzystanyň belarus paýtagty Minskdäki ilçihanasy, gyrgyz ilçisi yzyna çagyrylanyndan üç ýyl soňra gaýtadan açyldy.

Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Nurlan Suýrekulow 7-nji oktýabrda gyrgyz ilçisi Kuwanyçbek Omuraliýewiň belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka şu hepdäniň başynda ynanç hatyny gowşurandygyny aýtdy.

Minskdäki gyrgyz ilçisi 2012-nji ýylyň awgustynda, Belarus iş başyndan gyrakladylan gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakiýewi we onuň maşgala agzalaryny ekstradisiýa etmekden boýun gaçyranyndan soň yzyna çagyrylypdy.

XS
SM
MD
LG