Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi: ABŞ bilen gepleşikler geçirilmez


Eýranyň ýokary dini lideri Aýatollah Ali Hameneýi.
Eýranyň ýokary dini lideri Aýatollah Ali Hameneýi.

7-nji oktýabrda Eýranyň ýokary dini lideri Aýatollah Ali Hameneýi Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda islendik gepleşikleriň geçirilmegini gadagan etdi. Bu iki ýurduň arasynda on ýyllyklardan bäri dowam edýän daşlaşmanyň soňuna ýetmegi umyt edýän Eýranyň aram liderlerine urgy boldy.

Geçen aý Eýran yslam respublikasyndaky iň ýokary derejeli ýolbaşçy Hameneýi dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Eýranyň arasyndaky ýadro ylalaşygyndan soň, Birleşen Ştatlar bilen başga gepleşikleriň geçirilmejekdigini aýdypdy, emma mundan öň ol bu gepleşikleri doly gadagan etmändi.

Hameneýiň bu beýanaty Eýranyň aram prezidenti Hassan Rohaniniň çykyşlaryna gös-göni gapma-garşy gelýär. Rohani Siriýadaky konflikti nädip çözüp boljakdygy dogrusynda öz hökümetiniň Birleşen Ştatlar bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýdýar.

“Hat-da olar ýadro gepleşikleri döwründe hem biziň milli bähbidimize zyýan ýetirmäge synanyşdylar” diýip, Hameneýi aýtdy.

XS
SM
MD
LG