Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz türmesinden dört tussag gaçdy


Gyrgyzystanda tussaglaryň türmeden gaçmagynyň netijesinde üç sakçy öldürildi, dört tussag gaçyp gutuldy.

12-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň demirgazygynda dokuz tussag türmeden gaçmaga synanyşdy, olaryň bäşisi soň ele salyndy.

Gyrgyzystanyň türme resmileri gaçyp gutulanlaryň ikisiniň dini ekstremizm we terrorizm bilen baglylykda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilenlerdigini, beýleki ikisiniň hem şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda höküm edilen tussaglardygyny habar berdiler.

Türmeden gaçan dört adamdan üçüsiniň Gyrgyzystanda ençeme bombaly hüjümleri amala aşyrmakda we döwlet agdarylyşygy üçin dildüwşik gurnamakda aýyplanan “Jaishul Mahdi” toparynyň agzalarydygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG