Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ýer süýşüp 13 adam öldi


Halas edijiler gözleg işlerini geçirýärler, Karaçi, 13-nji oktýabr, 2015.
Halas edijiler gözleg işlerini geçirýärler, Karaçi, 13-nji oktýabr, 2015.

Pakistanyň Karaçi şäherinde ýer süýşmesiniň netijesinde üç wagtlaýyn jaýyň ýumrulmagy zerarly azyndan 13 adam, şol sanda birnäçe çaga wepat boldy.

Polisiýa 13-nji oktýabrda irden bolan hadysada daşly palçygyň depeden inip, Karaçide ýaşaýyş jaýlara zarba urandygyny habar berdi. Wepat bolanlaryň we ýaralananlaryň arasynda aýallar we çagalar bar.

Döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, premýer-ministr Nawaz Şarif hadysa bilen baglylykda gynanç bildiripdir we pidalaryň maşgalalaryna kömek bermegi häkimiýetlere tabşyrypdyr.

Karaçi Pakistanyň iň uly şäheri we bu ýerde ýaşaýan garyp işçileriň köpüsi ujypsyz wagtlaýyn jaýlarda ýaşaýarlar.

XS
SM
MD
LG