Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew, Putin Täjigistandan aladaly


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Astana, 15-nji oktýabr, 2015

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Täjigistandaky ýagdaý barada uly aladalanma bildirýändigini aýtdy.

Nazarbaýew bu barada 15-nji oktýabrda Putin bilen gepleşikleriniň yzýany Astanada geçirilen bilelikdäki metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Täjigistanyň Owganystan bilen umumy serhedinde soňky hepdelerde “Talyban” toparynyň söweşijileri öz hüjümlerini güýçlendirdiler. Sentýabr aýynda Täjigistanda goranmak ministriniň öňki orunbasarynyň gatnaşmagynda adam pidaly çaknyşyk bolupdy.

Şeýle-de Nazarbaýew Gazagystanyň “Orsýetiň iň ýakyn we ynamdar goňşusy bolandygyny we mundan beýläk-de boljakdygyny” belledi.
Nazarbaýew Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini makullady.

Putin Orsýetiň we Gazagystanyň Hazar deňzinde nebit çykarmak boýunça “uly planlarynyň” bardygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG