Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Mukaddes ýer otlandy


Mukaddes Josef gonamçylygy, Günbatar Kenaryň Nablus şäheri, 2011
Mukaddes Josef gonamçylygy, Günbatar Kenaryň Nablus şäheri, 2011

Ysraýylyň resmileri palestinleriň Günbatar Kenarda ýewreýleriň mukaddes ýerini oda berendiklerini aýtdylar. Ysraýyllylaryň we Palestinalylaryň arasynda zolukly çaknyşyklaryň tutaşmagyna iki hepdä golaý wagt boldy.

Harby resmiler Günbatar Kenaryň Nablus şäherinde 100 çemesi adamyň Töwratda ady geçýän ruhany Josefyň mazary diýlip hasap edilýän ýere baryp ony oda berendiklerini, Palestinanyň howpsuzlyk güýçleriniň soň giňişligi arassalandyklaryny aýtdylar.

Yslamçy “Hamas” topary 16-njy oktýabry Ysraýyla garşy gazap güni diýip yglan etdi.

16-njy oktýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi ýewreýleriň we palestinleriň arasynda tutaşan zorluklar bilen bagly adatdan daşary maslahaty geçirýär.

XS
SM
MD
LG