Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran “çagalary öldürmesin”


Ýylyň başyndan bäri Eýranda jemi 700-den gowrak adam jezalandyrylyp öldürildi.
Ýylyň başyndan bäri Eýranda jemi 700-den gowrak adam jezalandyrylyp öldürildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ekspertleri Eýranda kämillik ýaşyna ýetmedik iki ýetginjegiň jezalandyrylyp öldürilmegine garşy “nägileligini” bildirip, Tährana “çagalary öldürmegi bes etmegine” çagyryş etdiler.

Zor bilen durmuşa berlen 16 ýaşly Fatemeh Salbehi öz ärini öldürenliginde günäli tapylyp, 13-nji oktýabrda dardan asylypdy. Munuň bilen şu ýyl Eýranda jezalandyryp öldürilen aýallaryň sany 11-e deň boldy. Ýylyň başyndan bäri Eýranda jemi 700-den gowrak adam jezalandyrylyp öldürildi.

Şeýle-de BMG-niň ekspertleri mundan bir hepde ozal 17 ýaşly Samad Zahabiniň jezalandyrylyp öldürilmegine nägileligini bildirdiler. Zahabi özüniň egindeş çopanyny öldürendigi üçin jezalandyrylypdy.

XS
SM
MD
LG