Sepleriň elýeterliligi

“Owganystanyň Marafony” geçdi


“Owganystanyň Marafony” diýlip atlandyrylan ýaryşa professional we öwrenje sportsmenler gatnaşdylar.

Owganystanda jeňçileriň dowam edýän hüjümlerine we gazaplylyga garşy halkara marafon ýaryşy geçirildi.

Ýewropadan, ABŞ-dan, Kanadadan we Owganystanyň özünden gelen türgenler Bamiýan welaýatyndan 42 kilometr ylgadylar. “Owganystanyň Marafony” diýlip atlandyrylan ýaryşa professional we öwrenje sportsmenler gatnaşdylar. Marafony britaniýaly Keith MakIntoş ýeňip, ol aralygy 2 sagat 55 minutda geçmegi başardy.

Şeýle-de Bamiýanda ýerli aýal-gyzlar üçin niýetlenen 10 kilometrlik ýene bir ýaryş gurnaldy. Ony 15 ýaşly Nazira Saifi ýeňdi.

XS
SM
MD
LG