Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrantlar Sloweniýa ugradylar


Ýewropa geçmekçi bolýan migrant
Ýewropa geçmekçi bolýan migrant

Wengriýa Siriýadan, Yrakdan, Owganystandan we Afrikadan gelýän bosgunlaryň akymynyň öňüni almak üçin Horwatiýa bilen serhet geçelgesini ýapandan soň, migrantlar Horwatiýanyň Sloweniýa bilen serhedine tarap ugradylar. Emma Sloweniýa migrantlaryň akymyny gowşatmak üçin Horwatiýa bilen bar bolan demir ýol gatnawlaryny togtadypdy.

Ýewropa Bileleşigi Siriýadaky krizis sebäpli ýurtdan gaçyp çykan bosgunlary saklamak üçin Türkiýä maliýe hemaýatyny bermek barada ylalaşylandygyny mälim etdi. Munuň yzy bilen Wengriýa öz serhetlerini ýapdy.

Wengriýa, ozalky sowet blogunyň beýleki agzalary ýaly, Ýewropa Bileleşigine 120 müň migranty getirmek baradaky planlara garşy çykýar.

XS
SM
MD
LG