Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kuwwatly azeri resmisi aýryldy


Ozalky Milli howpsuzlyk ministri Eldar Mahmudow Alyýewe ygrarly resmileriň biri hökmünde häsiýetlendirilýärdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew ýurduň kuwwatly howpsuzlyk ministrini wezipesinden boşatdy. Ozalky Milli howpsuzlyk ministri Eldar Mahmudow Alyýewe ygrarly resmileriň biri hökmünde häsiýetlendirilýärdi.

Prezident Alyýewiň Mahmudowyň eýeleýän wezipesinden aýrylandygy baradaky karary onuň öz websahypasynda çap edilip, bu kararyň sebäpleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.

59 ýaşly Mahmudow 2004-nji ýyldan bäri milli howpsuzlyk ministri bolup işleýärdi.

Oppozisiýa wekilleri Alyýewyň resmileri wezipesinden boşadan wagty hiç hili düşündirişi bermeýändigi tankytlap, ýurduň syýasatynda aýdyňlygyň ýokdugyny hem öňe sürüp, öz nägileligini bildirdiler.

Prezident Alyýew Milli howpsuzlyk ministrliginiň ozalky ýolbaşçysy Namig Abbasowy hem 2004-nji ýylda wezipesinden boşadyp, bu kararyň sebäpleri barada hiç hili maglumat bermändi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG