Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky rus zarbalaryna protest geçdi


Ýörişe esasan 50-60 ýaş aralygyndaky adamlar gatnaşdylar
Ýörişe esasan 50-60 ýaş aralygyndaky adamlar gatnaşdylar

Moskwada ençeme ýüz adam Russiýanyň Siriýadaky harby kampaniýasyna garşy protest geçirdiler. Wakada azyndan bir demonstrantyň hem tussag edilendigi habar berilýär.

Ýörişe esasan 50-60 ýaş aralygyndaky adamlar gatnaşyp, olaryň daşyny howpsuzlyk güýçleri gabap alypdy.

Demonstrantlar Moskwanyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň garşysyna çykýan söweşijilere 30-njy sentýabrdan bäri edýän howa zarbalaryna garşy ýöriş geçirdiler.

Moskwa howa zarbalarynyň aglaba “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy amala aşyrylýandygyny öňe sürýär. Emma Assadyň režimine we “Yslam döwleti” toparyna hem garşy çykýan aram güýçlere-de zarbalaryň urulýandygy aýdylýar.

Protesti gurnan 42 ýaşly Swetlana Krawiets Russiýanyň öz içinde hem çözülmedik köp, şol sanda möhüm ykdysady meseleleriň hem bardygyny aýdyp, “biz söweşi islemeýäris” diýdi.

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew şenbe güni çykyş edip, Moskwa Siriýada Assadyň režimini saklap galmak üçin däl-de, öz bähbitlerini arap söweşýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG