Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada: Owgan zenany parlamente agza boldy


Maryam Monsef, Kanadanyň Liberal partiýasynyň agzasy
Maryam Monsef, Kanadanyň Liberal partiýasynyň agzasy

Owganystanda doglup, 20 ýyl mundan ozal öz maşgalasy bilen Kanada göçüp baran zenan Kanadanyň parlamentinde orna eýe boldy.

Kanadanyň Liberal partiýasynyň agzasy Maryam Monsef 19-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarda öz garşydaşy Konserwatiw partiýasynyň agzasyndan üstün çykdy.

30 ýaşly Monsef Peterborough-Kawartha etrabyna wekilçilik edip, Ontario saýlaw giňişliginden bolan iň ýaş kanuny çykaryjy boldy.

Monsef özüniň dul ejesi we iki aýal dogany bilen 1996-njy ýylda “Talybanyň” režiminden gaçyp Kanada baranda 11 ýaşyndady.

Monsef Owganystanda aýal-gyzlar üçin pul toplamak boýunça haýyr-sahawatçylyk proýektlerine gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG