Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Abe adam hukuklaryna üns bermeli


Ýaponiýanyň premýer-ministri Shinzo Abe
Ýaponiýanyň premýer-ministri Shinzo Abe

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeni Merkezi Aziýa saparynyň dowamynda “regionda adam hukuklarynyň töwekgelçilikli ýagdaýy barada aladalanma bildirmäge” çagyrdy.

Guramanyň Abeniň 22-nji oktýabrda başlanýan saparynyň öňüsyrasynda ýaýradan beýannamasynda bu meseläniň her ýurduň hökümeti bilen gepleşiklerde gozgalmagyna çagyryş edilýär.

HRW Merkezi Aziýa ýurtlarynda adamlaryň syýasy sebäplerden yzarlanmagy, adam hukuklaryny goraýjy we graždan aktiwistleriň tussag edilmegi, hökümete degişli bolmadyk guramalary we söz azatlygyny sem etmek boýunça basyşlaryň güýçlenmegi bilen bagly problemalara ünsi çekýär.

50 sany ýapon şirketi bilen Merkezi Aziýa bir hepdelik sapara başlaýan Sindzo Abe Ýaponiýanyň Türkmenistana, Täjigistana we Gyrgyzystana sapar edýän ilkinji premýer-ministridir.

XS
SM
MD
LG