Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Bir söweşiji, dört adam öldi


Gyrgyzystandaky ok atyşykda heläk bolan polisiýa işgäriniň kärdeşleri, onuň jynazasyna gatnaşýar. 23-nji oktýabr, 2015 ý.
Gyrgyzystandaky ok atyşykda heläk bolan polisiýa işgäriniň kärdeşleri, onuň jynazasyna gatnaşýar. 23-nji oktýabr, 2015 ý.

Gyrgyzystanyň polisiýasy gyrgyz paýtagty Bişkegiň çetinde bolan ok atyşykda türmeden gaçan we yslamçy söweşiji diýlip şübhelenilýän bir adamy öldürdi. Şeýle-de, bu ok atyşykda bir polisiýa işgäri we parahat ilatdan iki ýaşaýjy heläk boldy diýlip, 22-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi habar berdi.

Bu ok atyşyk şu ýylyň iýul aýynda polisiýa bilen söweşijileriň arasynda bolan şuňa meňzeş iki wakanyň yzýany boldy. Bu Russiýanyň harby howa bazasy ýerleşen merkezi aziýa ýurdunda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýandygynyň bir alamatydyr.

Gürrüňi edilýän Ministrligiň metbugat wekili adam öldürmekde höküm edilen we başga-da ençeme aýyplama bilen aýyplanan Altynbek Itibaýew üç gatly jaýyň iň ýokary gatynda bukulyp, polisiýa ot açandan soň, polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi diýdi.

XS
SM
MD
LG