Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji-rus gepleşikleri noýabrda geçer


Grigoriý Karasin bilen Zurab Abaşidze
Grigoriý Karasin bilen Zurab Abaşidze

Russiýa bilen Gürjüstanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyry öňümizdäki aý Pragada geçiriler.

Gepleşikleriň noýabryň ortalarynda Çehiýanyň paýtagtynda geçirmek baradaky netijä Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin bilen Gürjüstanyň premýer-ministriniň Russiýa boýunça ýörite wekili Zurab Abaşidze bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda gelindi.

Moskwa bilen Gürjüstanyň arasyndaky dartgynly gatnaşyklary gowşatmak ugrunda alnyp barylýan Karasin-Abaşidze gepleşikleri 2012-nji ýylyň dekabrynda Ženewada başlandy.

Moskwa 2008-nji ýyldaky gysga wagtlaýyn rus-gürji urşundan soň öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitleriniň garaşsyzlygyny ykrar edenden soň, Tblisi Russiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi.

XS
SM
MD
LG