Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Iki polisiýa ofiseri öldürildi


Türkiýäniň polisiýasynyň azyndan iki ofiseri “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýänleriň üstüne reýd geçirenlerinde bomba partlamasynda wepat boldy.

Resmiler 26-njy oktýabrda Türkiýäniň kürt regionynyň esasy şäheri Diarbakirde geçirilen reýdde ýedi söweşijiniň öldürilendigini aýtdylar.

Türkiýäniň häkimiýetleri bu söweşijileriň 10-njy oktýabrda kürtleriň tarapdarlarynyň Ankarada geçiren ýörişinde bolan bomba partlamalarynda eliniň bar bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Partlamada 100-den gowrak adam wepat bolupdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ankaradaky hüjümlerde Siriýanyň gizlin gulluklaryny we kürt söweşijilerini aýyplapdy we olaryň “Yslam döwleti” topary bilen bile işleşendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG