Hytaýyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreanyň üç taraplaýyn duşuşyklary regional dartgynlylygy sebäpli 2012-nji ýylda ýatyrylaly bäri ilkinji gezek geçiriljekdigi habar berilýär.
Hytaýyň daşary işler ministrligi sammitiň premýer-ministr Li Kegiangyň Seula saparynyň dowamynda geçiriljekdigini 26-njy oktýabrda tassyklady. Sapar 31-nji oktýabr we 2-nji noýabr aralygynda geçiriler.
Ýaponiýanyň habar serişdeleri sammitiň 1-nji noýabrda geçiriljekdigini habar berdi.
Üç ýurduň arasyndaky özara ýokary derejeli duşuşyklar 2008-nji ýylda esaslandyrylypdy we 2012-nji ýyla çenli ýylda geçirilipdi. Sammitiň ýatyrylmagyna Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň arasynda Ikinji Jahan Urşy döwründe koreýaly zenanlaryň ýapon esgerleri tarapyndan jynsy taýdan kemsidilmegine degişli meseläniň daşyndaky syýasy dartgynlylyk sebäp bolupdy.
Şeýle-de Ýapon deňzinde kiçi adalaryň üstündäki dawa hem regional gatnaşyklara täsir ýetirdi.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!