Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Russiýanyň ilatynyň 89,9%-i goldaýar. Bu Köpçüligiň pikirini öwrenýän bütin Orsýet merkeziniň maglumatydyr.
Syýasatçylaryň reýtingleri

1
Putiniň reýtinginiň, ýagny ilat arasyndaky meşhurlygynyň mundan ozal 86%-e barabardygy baradaky görkezijiniň 2015-nji ýylyň iýun aýyndan soňra üýtgändigi aýdylýar. Şonda “Lewada-sentr” atly ýerli barlag merkezi Putiniň il arasyndaky meşhurlygynyň 89%-e çykandygyny yglan edipdi.

2
Köpçüligiň pikirini öwrenýän bütin Orsýet merkeziniň maglumatyna ynansak, onda Putin 89,9% bal derejesi bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewi hem ozup geçýär. Soňky sosiologik pikir soralşyklaryň netijelerine görä, Ylham Aliýewi Azerbaýjanyň ilatynyň 89,7%-i goldaýar.

3
Köpçüligiň pikirini öwrenýän bütin Orsýet merkeziniň maglumatyna ynansak, onda Putin 1992-nji ýyldan bäri Täjigistana prezidentlik edýän Emomali Rahmoni hem ozup geçýär. Rahmon 2013-nji ýylda Täjigistanda geçirilen ählumumy saýlawlarda sesleriň 83,92%-ni alypdy.

4
Şol bir wagtda Putiniň reýtinginiň Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň 2015-nji ýylyň aprel aýynda wagtyndan ozal geçirilen saýlawlarda gazanan netijesinden pesdigini görse bolýar. Şol saýlawlarda Nazarbaýewiň sesleriň 97,75%-ni alandygy mälim edilipdi.