Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen-ukrain gepleşikleri geçirilýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (s) we Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (ç), Aşgabat, 29-njy oktýabr, 2015

29-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň arasynda duşuşyk geçiriler.

Gepleşikleriň esasy temasy ýurtara hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwletara syýasy dialogy ýokary derejede güýçlendirmek, söwda-ykdysady, oba hojalyk, energetika, maliýe, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar ugurlardan partnýorlygy ýaýbaňlandyrmakdan ybarat, diýip resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasynda ykdysady gatnaşyklara degişli ençeme ylalaşyk bar, bilelikdäki türkmen-ukrain komissiýasy işleýär, senagat we sosial maksatly gurluşyk proýektleriniň ençemesi amala aşyrylýar.

Şu ýylyň başynda Ukraina Türkmenistandan göni gaz satyn almaga gyzyklanma bildirýändigini ýene mälim edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG