Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa Merkezi Aziýanyň täze oýunçysymy?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe. Aşgabat. 23-nji oktýabr, 2015 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe. Aşgabat. 23-nji oktýabr, 2015 ý.

Geçen hepde Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe Merkezi Aziýa sapar edip, regionyň liderleri bilen duşuşdy. Saparyň dowamynda köp sanly ylalaşyklara hem gol goýuldy.

Jemi 26 milliard dollara barabar şol ylalaşyklaryň 18 milliardy Türkmenistan bilen baglaşyldy. Türkmenistan bilen gelnen ylalaşyklar, umuman, energiýa ulgamyny öz içine alýar.

Bu uly mukdardaky pul serişdeleri, gol goýlan ylalaşyklardan Ýaponiýanyň göz öňünde tutýan maksady näme? Şeýle-de bu saparyň Merkezi Aziýanyň esasy maliýe goldawçylary diýlip hasaplanýan Orsýetiň we Hytaýyň dürli ykdysady kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolan pursadyna gabat gelmegi hem käbir soraglary döredýär.

Hepdelik “Mejlis” atly gepleşigimizde bu, şeýle-de Ýaponiýanyň Merkezi Aziýada artyp barýan täsirine sebitiň bähbidi nukdaýnazaryndan syn edilýär.

"Mejlisiň" myhmanlary:

Jak Farşi (Jack Farchy): Dünýäniň abraýly gazetlerininiň biri bolan “Financial Times” neşiriniň Moskowadaky habarçysy;

Dr. Timur Dadebaýew: Ýaponiýanyň Tsukuba Uniwersitetiniň professory. Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa boýunça daşary syýasaty barada ençeme makaladyr, ylmy işiň awtory;

Brýus Panniýer (Bruce Pannier): Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Ýaponiýa Merkezi Aziýanyň täze oýunçysymy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:02 0:00

XS
SM
MD
LG