Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik uçarynda 36 adam öldi


Sowet zamanynda öndürilen, täjik kompaniýasyna degişli ýük uçarynyň günorta Sudanyň paýtagtynda bolan heläkçiliginde azyndan 36 adam öldi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, «Antonow An-12» uçary 4-nji noýabrda, halkara howa portunyň golaýynda, asmana göterilende ýykylypdyr.

Käbir habarlarda 40 çemesi adamyň ölendigi, sebäbi ýerde hem pidalaryň bolandygy aýdylýar.

Uçaryň üstünde we onuň ýykylan ýerinde näçe adamyň bolandygy anyk däl.

1971-nji ýylda ilkinji gezek asmana göterilen uçar Täjigistanyň «Aziýa howaýollaryna» degişli.

XS
SM
MD
LG