Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: Gapyrjak gümpüldi sesini ýazypdyr


Derňew komitetiniň başlygy bir hepde ozal Müsüriň Sinaý ýarymadasynyň asmanynda heläkçilige uçran rus uçarynyň gara gapyrjagynyň uçar kabinasynda geçiren ýazgysynyň soňky sekundynda gümpüldi eşidilýändigini aýdýar.

Emma Aýman ýel-Mukadem 7-nji noýabrda uçaryň näme sebäpden beýle ýagdaýa düşendigi barada entek kesgitli bir zat aýdardan irdigini, ekspertleriň entek maglumat toplamak bilen meşguldygyny hem sözüne goşdy.

Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň resmileri, aňtaw maglumatlaryna salgylanyp, 31-nji oktýabrda Şarem el-Şeýhden Sankt Peterburga gelýän uçaryň heläkçiligine bortda goýlan bombanyň sebäp bolandygyny öňe sürýärler.

Onuň üstünde 224 adam bardy. "Yslam döwleti» toparynyň Sinaý ýarymadasyndaky bölümçesi, delil getirmezden, bu işi özüniň amala aşyrandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG