Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda ukrain pidalaryna ýadygärlik açyldy


Waşingtonda 7-nji noýabrda Ukrainanyň Holodomor, 1930-njy ýyllaryň açlygynda gyrlan millionlap adamyň hatyrasyna dikilen ýadygärlik açyldy.

Sowetleriň adamlaryň ýyllyk galla önümlerini elinden zor bilen alşyny simwollaşdyrýan ýadygärlikde sümmüle duran bugdaýlyk şekillendirilipdir.

Taryhçylar Ukrainada sowetleriň 1932-nji ýylyň hasylyny adamlardan ýygnap almagynyň açlygyň esasy sebäbi bolandygyny aýdýarlar.

Waşingtonyň merkezidäki ýadygärligiň açylyşynda Ukrainanyň birinji hanymy Marýana Poroşenko hem boldy we ol ýerde ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň wideoýazgy edilen ýüzlenmesi görkezildi.

«Ol açlyk ukrain halkyny duza çökermek, bizi öz mertebämizden aýyrmak, biziň milli kimligimizi ýok etmek, biziň öz topragymyzda öz ykbalymyzy kesgitlemek hukugymyz baradaky umydymyzy öldürmek synanyşygy boldy» diýip, prezidentiň ýüzlenmesinde aýdylýar.

XS
SM
MD
LG