Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Su-25 harby uçary ýere gaçdy


Ukrainanyň Su-25 kysymly harby uçary
Ukrainanyň Su-25 kysymly harby uçary

Ukrainanyň Goranmak ministrligi howa güýçleriniň Suhoý Su-25 kysymly harby uçarynyň 11-nji noýabrda Zaporožýe regionynda türgenleşik geçirýän wagtynda ýere gaçandygyny, netijede 23 ýaşly pilotyň wepat bolandygyny aýtdy.

Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili uçar heläkçiliginiň ýerli wagt bilen ir sagat onda bolandygyny habar berdi, emma hadysanyň sebäpleri barada maglumat bermedi.

Sowet döwrüniň Su-25 uçary 1970-nji ýyllarda gury ýer goşunlaryna howadan ýardam bermek maksatlary üçin döredilipdi.

Bu uçar gündogar Ukrainada 2014-nji ýylda konflikt başlanaly bäri Ukrainanyň howa güýçleri tarapyndan orsýetçi separatistlere garşy ençeme gezek ulanylypdy.

Ukrainanyň hökümet güýçleriniň Su-215s kysymly uçarlarynyň ençemesi orsýetçi separatistler tarapyndan urlup ýere gaçyrylypdy.

XS
SM
MD
LG