Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazara pidalary üçin protest bildirilýär


kabul. Owganlar hazara pidalary üçin protest bildirýär, 11-nji noýabr, 2015 ý.
kabul. Owganlar hazara pidalary üçin protest bildirýär, 11-nji noýabr, 2015 ý.

Owgan polisiýasy 11-nji noýabrda prezident köşgüniň golaýyndaky binanyň diwarlaryna dyrmaşmakçy bolan protestçileri yzyna serpikdirmek üçin asmana duýduryş oklaryny atmaly boldy.

Protestçiler yslamçy jeňçileriň hazara etniki azlygynyň ýedi agzasynyň kellesini kesmegi sebäpli gahar-gazaba münýärler.

Bu waka müňlerçe owganyň Kabulyň köçelerine ýörişe çykyp, etniki hazara azlygyndan ýedi sany adamyň, aýdylmagyna görä, «Talyban» jeňçileri tarapyndan kelleleriniň kesilmegine protest bildirýän wagtynda boldy.

Protestçiler pida bolanlaryň tabytlaryny eginlerine göterip baryşlaryna ýurtda howpsuzlygy üpjün edip biljek täze hökümet üçin çagyryş etdiler.

Protestçiler «Talybany» we «Yslam döwleti» toparyny nazarlap, ölüm şygarlaryna gygyrdylar, emma şol bir wagtda prezident Aşraf Gani bilen baş dolandyryjy Abdulla Abdullanyň işden çekilmegine çagyrdylar.

Jeňçi toparlar bu iki syýasatçynyň häkimiýet bölünişigi esasynda gurlan merkezi hökümete garşy durýarlar.

Şu ýyl, soňky döwürlerde, Owganystanyň köpüsi şaýy bolan hazara azlygyna garşy guralan zorluk-sütemli hereketler, alyp gaçmalar we adam öldürmeler güreldi.

7-nji noýabrda Zabul welaýatynda dört erkek adam, iki aýal we bir çaga, kelleleri kesilen ýagdaýda tapyldy. Bu ýerde soňky günler «Talyban» fraksiýalarynyň arasynda gyzgalaňly söweş barýar.

Bu ýedi adamy kimiň öldürendigi anyk däl, olar alty aý çemesi öň goňşulykdaky Gazni welaýatyndan alnyp gaçylypdy.

Ýerli resmiler «Talybanyň» YD jeňçileriniň adam öldürmeler bilen ilteşikli sekiz agzasyny asandyklaryny aýtdylar, emma Owganystanyň aňtaw agentligi bu aýdylýany ret etdi.

Gani bu ganhorlygy «bigünä adamlaryň rehimsiz öldürilmegi» hökmünde berk ýazgardy we bu işiň derňeljegini wada berdi.

BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Nikolas Haýsom beýanat çap edip, «bu manysyz ganhorlyklaryň uruş jenaýatyna barabardygyny we bu işi edenleriň jogapkärçilige çekilmelidigini» aýtdy.

Zabulda, jeňçileriň birnäçe etraby elde saklaýan ýerinde «Talybanyň» iki fraksiýasynyň arasynda söweş gidýändigi aýdylýar. Ol ýerdäki jeňçileriň käbiri YD toparyna kasam kabul etdi.

Kabul iýul aýynda «Talybany» esaslandyryjy Molla Muhammad Omaryň iki ýyl ozal ýogalandygyny yglan edeninden soň, käbir gapma-garşylykly habarlaryň arasynda, owgan «Talybanynyň» başlyklygyna Molla Ahtar Mansur bellenildi.

Şu aýyň başlarynda bir bölünen «Talyban» fraksiýasy hem öz liderini belländigini, onuň Molla Muhammad Rasuldygyny yglan etdi.

Iki fraksiýanyň soňky çaknyşygynda, bölüniji topar geçen hepde özüniň «Talyban» bäsdeşlerine garşy janyndan geçenleriň hüjümini gurnap, Molla Mansura ygrarly ondan gowrak söweşijini öldürendiklerini we ýaralandyklaryny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG