Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenada Siriýa geçişi ylalaşyldy


Wenada Siriýanyň parahatçylyk gepleşiklerine toplanan ýokary derejeli resmiler ýurduň raýat urşuny soňlamaga gönükdirilen syýasy geçişiň hronologiýasy barada ylalaşyga geldiler.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 14-nji noýabrda, žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen oppozisiýanyň arasyndaky gepleşikleriň 1-nji ýanwarda başlanmalydygy baradaky ylalaşygy yglan etdi.

Kerriniň sözlerine görä, geçiş hökümeti barada ylalaşyga gelnenden soň, üç aý möhlet içinde täze konstitusiýanyň taslamasy düzüler we 18 aý içinde azat we adalatly saýlawlar geçiriler.

Emma muňa garamazdan, Assadyň geçişdäki roly ýaly esasy meseleler çözülmän galdy.

XS
SM
MD
LG