Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýerli saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi


Saýlaw nokady, 15-nji noýabr, 2015.
Saýlaw nokady, 15-nji noýabr, 2015.

Ukrainanyň uly böleginde ýerli saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi.

15-nji noýabrda bolan ses berişlikde ses berijiler Kiýewiň we ýurduň 28 şäheriniň häkimlerini hem ýerli geňeşleriň agzalaryny saýladylar.

Ilatyň gatnaşyk derejesi 34% bolupdyr.

Deslapky netijelere görä, Kiýewiň häkimi wezipesine gaýtadan Witaliý Kliçko
saýlanypdyr.

Saýlawlaryň 25-nji oktýabrda geçirilen birinji tapgyrynyň yzýany amala aşyrylan pikir öwrenmeler prezident Petro Poroşenkonyň hökümetiniň ýurduň günbatarynda we merkezinde berk pozisiýa eýeleýändigini görkezdi.

Emma ýurduň gündogarynda ses berijileriň aglabasy 2014-nji ýylda protestleriň netijesinde häkimiýet başyndan çetleşdirilen öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň partiýasyndan galan güýçlerden düzülen Oppozision Blogy goldady.

Ýerli saýlawlar orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk we Luhansk regionlarynyň käbir böleklerinde geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG