Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki-Moon Phenýana sapar eder


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon şu hepdede Demirgazyk Koreýa sapar eder.

Bu barada Günorta Koreýanyň “Yonhap” täzelikler agentligi BMG-niň ýokary wezipeli resmisine salgylanyp habar berýär. BMG-niň özi bu meseläni agzamakdan boýun gaçdy.

Maglumatda Ban Ki-Moonyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong-Un bilen duşuşmagynyň örän ähtimaldygy aýdyldy. Saparyň takyk güni barada habar berilmedi.

Ban Ki-Moonyň sapary amala aşyrylsa, bu, BMG-niň ýolbaşçysynyň 1993-nji ýyldan bäri Phenýana ilkinji sapary bolup biler.

Maý aýynda Bam Ki-Moonyň Demirgazyk Koreýa sapary başlanjak senesinden bir gün öňüsyrasynda ýatyrylypdy.

Demirgazyk Koreýa öz ýadro ýaragyny synaýandygy sebäpli BMG-niň, ÝB-niň we ABŞ-nyň agyr sanksiýalaryna sezewar edilýär.

Günorta Koreýanyň öňki daşary işler ministri Ban Ki-Moon BMG-niň Demirgazyk Koreýa sapar edýän üçünji ýolbaşçysy bolup biler.

XS
SM
MD
LG