Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Uçar bombadan ýere gaçdy


Orsýetiň prezidenti W.Putin (ç) we Federal howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy A. Bortnikow (s)
Orsýetiň prezidenti W.Putin (ç) we Federal howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy A. Bortnikow (s)

Orsýetiň howpsuzlyk boýunça baş resmisi ýakynda Müsürde orsýet uçarynyň heläkçilige uçramagynyň “terrorçy hereketiň” netijesi bolandygyny aýtdy.

31-nji oktýabrda Metrojet kompaniýasynyň “A321” kysymly uçary Müsüriň Şarm el-Şeýh kurortyndan Sankt Peterburg şäherine barýarka Sinaý ýarymadasynda ýere gaçdy, 224 adam wepat boldy. Pidalaryň köpüsi orsýet raýatlarydy.

“Yslam döwleti” toparynyň ýaranlary hüjüm edendiklerini aýtdylar.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikowyň 16-njy noýabrda prezident Wladimir Putin bilen duşuşygynda aýtmagyna görä, uçar elde edilen partlaýjy guralyň hereketlenmeginiň netijesinde howada böleklere bölünip, ýere gaçypdyr.

Wladimir Putin “biz olary ähli ýerde, nirede gizlenseler-de, planetanyň islendik nokadynda gözläp taparys we jezalandyrarys”, diýdi.

Şeýle-de Putin Siriýada howa hüjümlerini güýçlendirmegi wada berip, “jenaýatçylar ar alynjakdygyna düşünmeli” diýdi.

XS
SM
MD
LG