Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýussel ýokary hüşgärlikde galýar


Abdeslam Salah we Abdelhamid Abaaoud
Abdeslam Salah we Abdelhamid Abaaoud

Brýussel 22-nji noýabrda hem ýokary hüşgärlik ýagdaýynda galdy. Häkimiýetler jemgyýetçilige, «çynlakaý howpuň abanýandygy» sebäpli, üýşmeleňlerden çeke durmagy maslahat berýärler.

21-nji noýabrda dördünji derejeli howpsuzlyk hüşgärligi jar edildi.

Belgiýanyň paýtagtynyň metro sistemasynyň işi hepde ahyrynda togtadyldy, futbol ýaryşy ýaly uly çäreler goýbolsun edildi.

Otlulara, demirýol stansiýalaryna, aeroportlara goşmaça howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi.

Premýer-ministr Çarlz Mişel «13-nji noýabrda Parižde bolan hüjümlere çalymdaş hüjüm töwekgelligi barada diýseň anyk maglumat bar" diýdi.

Pariždäki terror hüjümlerinde güman edilýän fransuz raýaty Salah Abdeslam Brýussele gaçandyr öýdülýär.

XS
SM
MD
LG